Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Milli Liderimiz hökümetiň iýul aýynda bolan giňişleýin mejlisinde çykyş edip, ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydygyna aýratyn ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan «Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň» we «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasynyň» hem-de giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde tebigaty goramak, biologik köpdürlüligi we tebigy landşaftlary aýawly saklamak ulgamynda ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Şunuň bilen birlikde, dünýä bileleşiginiň bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary goldanylyp, senagat ulgamynda ekologiýa taýdan arassa we serişdeleri tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalary ulanmaga geçmek işi amala aşyrylýar.