Prezidentler Serdar Berdimuhamedowwe Şawkat
Mirziýoýew Aşgabatda gurlan «Daşkent» dynç alyş seýilgähiň açylyş dabarasy
gatnaşdylar.
Seýilgähiň dizaýnynda milli özbek bezegçiliginiň hem-de
binagärliginiň äheňleri ulanyldy. Bu ýerde amatly dynç almak hem-de maşgala
bolup boş wagty gyzykly geçirmek üçin ähli şertler göz öňüne tutulandyr.
Şeýle-de, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we
Şawkat Mirziýoýew göni wideoaragatnaşyk arkaly Daşoguz welaýatynyň çäginde
bolan Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň – Söwda merkeziniň düýbüni
tutmak dabarasyna gatnaşýarlar.
Soňky ýyllarda iki ýurduň sebitleriniň, şol sanda
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Horezm
welaýatynyň arasynda göni döwletara hyzmatdaşlygy has işjeňleşdirildi.
Şeýlelik-de bu ýerde umumy bähbitlere laýyk gelýän
türkmen-özbek serhetýaka söwda gatnaşyklaryny işjeň ösdürmek üçin häzirki zaman
ugurdaş düzümi dörediler.