08.03.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
21.01.2021 132 Habarlar

20-nji ýanwarda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri bilen geçirilen nobatdaky onlaýn-duşuşygyň çäklerinde «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak» atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

***

Şeýle-de, şol gün Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi, ol bu gaznanyň işgärler toparynyň Türkmenistana amala aşyrýan wirtual saparynyň çäklerinde guraldy.

Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginine oňyn täsirini ýetiren milli ykdysadyýetimiziň käbir pudaklarynyň makroykdysady ösüşi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.