27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.
YHG-niň binýadynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, duşuşyga gatnaşyjylar ählumumy howplar ýagdaýynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň we YHG-niň Baş sekretary sebit ykdysady goşulyşmagyny çuňlaşdyrmakda giň hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.