25-nji awgustda Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslami bilen gepleşikler geçirildi.
Nygtalyşy ýaly, ilkinji nobatda, iň ýakyn goňşular bilen dostluk we birek-birege hormat goýmak esasynda halkara gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Duşuşygyň barşynda deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesi hem-de iki goňşy döwletiň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygy bellenildi.