7-nji sentýabrda Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň wideomaslahat görnüşinde duşuşygy boldy. Gepleşikleriň barşynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň birnäçe möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gruziýa halkara guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.
“Hazar deňzi — Gara deňzi” halkara ulag geçelgesi taslamasyny işjeňleşdirmek hem-de onuň kadalaşdyryjy-hukuk binýady bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Şeýle hem Sebitara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek nukdaýnazaryndan “Lapis Lazuli” taslamasynyň ähmiýeti nygtaldy. Awtomobil ýollarynyň hem-de deňiz portlarynyň netijeli ulanylmagy arkaly bökdençsiz ýük daşalmagyny üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi.