Düýn – 5-nji aprelde türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy.
Gahryman Arkadagymyz resmi saparynyň
çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de
beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine degişli meseleler
ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň jemleýji gününde Milli
Liderimiziň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Täjigistanyň
Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda, Täjigistan
Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşygy boldy.
Duşuşyklarda Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygynyň resmi saparynyň ähmiýeti bellenildi. Şeýlelikde,
Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň netijeleri iki
döwletiň we halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen dost-doganlyk däplerine
berk ygrarlydygynyň, taraplaryň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän
netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga
taýýardygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.