Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygy
mynasybetli geçirilen harby ýörişde görkezilen iň täze harby tehnikalarynyň
nusgalary Watanymyzyň milli goşunynyň maddy-tehniki binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň
aýdyň mysaly bolup durýar. Baş münberiň öňünden dürli goşun görnüşleriniň harby
tehnikalardan düzülen hatarlary yzygiderlilik bilen geçip gitdiler.
Harby ýörişde görkezilen, ähli şertlerde söweşjeň
wezipeleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenen iň täze harby awtoulaglar, sowutlanan
harby tehnikalar we asmana atyjy raketa toplumlary hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak baradaky aladalarynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygy
mynasybetli geçirilen ýörişde görkezilen harby tehnikalarynyň suratlaryna has
giňişleýin «Multimediýa» bölümimizden
synlap bilersiňiz.
«Milli goşun».