milli goshun logo
Çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy
Çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy
03.06.2023 723 Habarlar

2-nji iýunda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen mekdep okuwçylary tomusky dynç alyş möwsüminde Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän tebigy şypahana zolagy bolan Gökderä ugramak üçin paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada ýygnandylar. Däp bolşy ýaly, bu ýerde her ýyl guralýan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çagalar toparlarynyň şowhunly aýdymlary, tanslary, şadyýan sahna oýunlary körpeler üçin döredijilik sowgady boldy.

Paýtagtymyzdan we welaýatlardan gelen mekdep okuwçylary baýramçylyk görnüşinde bezelen awtobuslarda tomusky başdan geçirmelerine tarap ugradylar.

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň okuw ýylyny tamamlap, tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we peýdaly geçirmekleri ugrunda aladalar edilýär. Şu ýyl hem iýun aýynyň başlanmagy bilen, belent daglaryň jülgesinde ýerleşýän Gökderede, dünýä meşhur «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem sebitlerimizdäki döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde ýatdan çykmajak pursatlara beslenen tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Gökderede, welaýatlarda ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň birinji tapgyry baýramçylyk nygmatlary we şowhunly çäreler bilen mähirli garşylanyldy. Türkmen halk ertekileriniň, rowaýatlaryň gahrymanlarynyň lybaslaryny geýnen mekdep okuwçylarynyň aýdym-sazly dabaraly ýörişi ähli sagaldyş merkezlerini gurşap aldy.

Soňra çagalary doly derejede dynç almak üçin ähli şertler döredilen sagaldyş merkezleriniň binalaryna ýerleşdirdiler. Ýaş nesliň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi ugrunda döwrebap çagalar sagaldyş merkezleri ähli zerur şertler bilen üpjün edilendir. Olarda oýun oýnamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, el iş gurnaklary, teatr we şekillendiriş studiýalary, kitaphanalar bar.