Düýn – 12-nji iýulda Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara edermen gallaçylaryň gazanan ajaýyp zähmet ýeňşi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.
Dabaranyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Olar sazlaşykly ösüşi we sagdyn bolmaklary ugrunda yzygiderli alada edilýändigi üçin lukman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.