milli goshun logo
Çagalar baglarynda Täze ýyl baýramçylygy
Çagalar baglarynda Täze ýyl baýramçylygy
27.12.2019 9257 Harby özgertmeler

Mälim bolşy ýaly, hormatly Belent Serkerdebaşymyz harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da kämilleşmegine uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda Watan goragçylarynyň çagalarynyň Täze ýyl baýramyny şadyýan geçirmekleri üçin zerur bolan ähli çäreler göz öňünde tutulýar.

Şu günler Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň garamagyndaky çagalar baglarynda Täze ýylyň baýramçylygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Dabaranyň dowamynda çagalar üçin çekeleşikli bäsleşikler we erteki tomaşalary guralýar, olara täze ýyl sowgatlary gowşurylýar.

– Täze ýyl – bu biziň terbiýeleýän çagalarymyzyň iň gowy görýän baýramçylyklarynyň biri. Biz olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrmak üçin baýramçylyk dabarasyny giňden we şatlyk-şowhunly geçirmek üçin ähli taýýarlyklary gördük. Çagalaryň şadyýan gülküleri biziň üçin iň gymmat sowgat bolup durýar – diýip, Goranmak ministrliginiň garamagyndaky çagalar bagynyň terbiýeçisi gürrüň berdi. 

 «Milli goşun».