Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistan döwletimize saparynyň çäklerinde
ýubileý medal bilen sylaglanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň köp ýyllaryň dowamynda Birleşen
Milletler Guramasynda uly işleri alyp barýandygyna, dünýäde parahatçylygy,
howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge
mynasyp goşant goşýandygyna ýokary baha berdi. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz,
baky Bitarap ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik
söz ussadynyň hormatyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna»
atly ýubileý medalynyň döredilendigini aýdyp, bu medal bilen ilkinji gezek
Antoniu Guterrişi sylaglamak barada karara gelendigini hem-de degişli Permana
gol çekendigini we şu gün bu medaly uly höwes bilen gowşurjakdygyny aýtdy.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda
bu medal BMG-niň Baş sekretaryna dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.