Bişkege iş saparynyň barşynda
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr
Žaparow bilen duşuşdy.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysadyýet we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň esasy ugry Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary global we sebit syýasatynyň meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar.