Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig
mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-nyň, Beýik
Britaniýanyň, Gonkongyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar
kerosinini satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary
dykyzlykdaky polietilen we polipropilen şweýsariýaly we owganystanly telekeçileriň
geleşikleriniň esasyny düzdi.
Mundan başga-da, Russiýanyň, Türkiýäniň,
Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna reňksiz aýnany,
dürli dokma önümlerini, bir gezek ulanylýan gorag örtüklerini, nah ýüplügi
satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 523 müň
dollaryndan gowrak boldy.
Manat
serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň, Ermenistanyň işewürler toparlarynyň
wekilleri jemi bahasy 6 million 444 müň manatlyga golaý bir gezek ulanylýan
gorag örtüklerini we nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň
telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 16 million 790 müň manatlykdan
gowrak «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky
polietileni we polipropileni, şeýle hem pagta süýümini satyn aldylar.