milli goshun logo
Birža täzelikleri
Birža täzelikleri
01.02.2021 388 Habarlar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 93-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçileri daşary ýurt puluna reňksiz aýnany we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-niň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Şotlandiýanyň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 21 million 248 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, polipropilen haltalary we polipropilen plýonkasyny, şeýle hem el haly işlerini, pagta süýümini, plastik önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 105 million 29 müň manatlykdan gowrak boldy.