Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig
mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik
Britaniýadan we Owganystandan gelen telekeçiler ýokary dykyzlykdaky
polietileni, polipropileni we ECO-93 awtobenzini («Türkmengaz» DK) satyn
aldylar. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň
işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million 506 müň
dollaryndan gowrak bolan reňklenen tüýjümek önümleri, nah ýüplükleri satyn
aldylar.
Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan,
Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Ermenistandan hem-de Gazagystandan
gelen işewürler jemi bahasy 3 million 146 müň manatlykdan gowrak bolan nah
ýüplükleri satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin
ýokary dykyzlykdaky polietileni («Türkmengaz» DK), el halylaryny we pagta
süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 70 million 250 müň manatdan
gowrak boldy.