15.08.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Bildiriş
Bildiriş
28.07.2020 280 Habarlar

Türkmen ilinde Gurban baýramy mukaddes baýram hasaplanylýar. Ruhy tämizligiň, arassa ahlagyň hem-de agzybirligiň ajaýyp pursatlaryny özünde jemleýän bu baýram uly ruhubelentlik bilen bellenilýär.

Şu günler howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmagy, 2 metr howpsuz araçägi saklamagy hem-de Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde köpçülikleýin çäreleri çäklendirip, bu baýramy her kimiň öz öýünde geçirmegini maslahat berýäris.

Gurban baýramyny maşgalamyzyň arasynda bellemegiň saglygymyzy goramagyň esasy şertidigini unutmalyň!

Maşgalamyzyň saglygy bagtyýar günlerimize badalgadyr!