milli goshun logo
Beýik ynsanyň beýik eserleri
Beýik ynsanyň beýik eserleri
11.10.2023 877 Habarlar

        Türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwet-galamyndan çykýan çuňňur many-mazmuna ýugrulan eserler türkmenistanlylar tarapyndan uly buýsanç, çäksiz hoşallyk bilen garşy alynýar. Gahryman Arkadagymyzyň söze, edebiýata, döredijilige aýratyn hormat-sarpa goýýan halkymyza peşgeş berýän kitaplary ildeşlerimiziň kalbyndan ebedi orun alýar. Çünki bu ajaýyp eserlerde halkymyzyň geçmişi, şu güni, aýdyň geljegi jemlenýär.

        Täze taryhymyza buýsanç bilen nazar aýlasak, düýn – 10-njy oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň tanyşdyrylyşy boldy. Kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy.

Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Saglygy goraýyş ulgamyndaky ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygymyzy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döretdi. Bu düýpli ylmy işiň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Kitap okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk işine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesidir däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.          

Gahryman Arkadagymyzyň «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi esasynda döredilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň nobatdaky jildi ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ylym-bilim, ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri, alym Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş berýän şeýle çuňňur many-mazmuna, gymmatly pikirlere ýugrulan kitaplarynyň dowamaty dowam bolsun!