Beýik Ýeňşiň 79
ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet
muzeýinde «Sarpasy belent gahrymanlar» atly baýramçylyk sergisi guraldy.
Sergide Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen keşbi
görnükli ýerde ýerleşdirildi. Watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet aganyň
Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi nesiller üçin gaýduwsyzlygyň,
wepalylygyň ýokary nusgasy bolup durýar.
Milli Liderimiziň
«Älem içre at gezer» atly eseri bu ýerdäki kitap sergisine özboluşly bezeg
berdi. Serginiň dowamynda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda
ulanylan aragatnaşyk enjamy, Lallyk hanyň fronta iberen serişdelerinden ýasalan
tankyň makedi, harby dürbi, söweş torbasy, türkmen ýigidiniň harby lybasy, ot
açýan ýaraglar we başga-da birnäçe esger esbaplary görkezilýär. Sergide Beýik
Watançylyk urşy ýyllarynda tylda gahrymançylykly zähmetiň nusgasyny görkezen
türkmen zenanlarynyň fronta kömek üçin altyn-kümüş bezeg şaýlary, esgerler üçin
ýyly egin-eşikleri tabşyryp duran pursatlary beýan edilen dokumental
fotosuratlara hem aýratyn orun berilýär.
Sergide söweş
meýdanlaryndaky esgerlerden gelen hatlaryň okalyp durlan pursatlaryny
şöhlelendirýän hem-de urşa gatnaşyp, edermenlik görkezen gerçeklerimiziň
fotоsuratlaryny, harby ordendir medallary, frontdan gelen üçburçly hatlary,
urşa gatnaşyp edermenlik görkezen esgerleriň şahsy resminamalaryny-da synlamak
bolýar.