Düýn – 9-njy maýda
ýurdumyzda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň
79 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Gahrymanlary
ýatlamak däbi hemişe-de türkmen jemgyýetiniň mizemez sütünleriniň biridir.
Şolaryň arasynda Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz söweşlerine gatnaşanlar aýratyn
sarpalanylýar. Häzirki döwürde Ýeňiş güni aýratyn dabara bilen bellenilip, ol
nesilleriň özara baglanyşygyny, halkymyzyň parahatçylyk we ylalaşyklylyk,
ynsanperwerlik, döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny
alamatlandyrýar.
Häzirki we geljek
nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin
ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň,
pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, hormatly
ýaşulular, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary hem-de myhmanlary «Halk
hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança ýygnandylar.
Türkmenistanyň
Döwlet senasy ýaňlanandan soňra, Hormat garawulynda türkmen halkynyň
watansöýüjilik däplerini, şöhratly pederlerimiziň wesýet eden ýörelgelerini
mynasyp dowam etdirýän ýaş harby gullukçylar hatara düzüldiler. «Baky şöhrat»
ýadygärligine hormatly Prezidentimiziň adyndan ajaýyp gül çemeni goýuldy. Soňra
bu asylly ýörelgä eýerip, çärä gatnaşyjylar çuňňur hormat-sarpa bilen ýadygärligiň
etegine gül desselerini goýdular.
Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gül goýmak dabaralary geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ýeňiş gününiň şanyna guralan medeni çäreler ildeşlerimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza buýsanjyny has-da artdyrdy.