milli goshun logo
Beýik akyldara bagyşlanan neşirler
Beýik akyldara bagyşlanan neşirler
06.03.2024 559 Habarlar

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, «Ylym» neşirýaty tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň taýýarlan «Magtymguly – ylham çeşmesi» hem-de Taryh we arheologiýa institutynyň taýýarlan «Beýik Magtymguly we türkmen durmuşy» atly makalalar ýygyndylary çap edildi.

Bulardan başga-da, filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Mämmedowyň «Magtymguly türki halklaryň edebiýatynda» atly kitaby, alym Gurbandurdy Geldiýewiň «Magtymgulynyň döredijiliginde ýer-ýurt atlary we onuň poetikasy» atly monografiýasy şanly ýylda ylmy jemgyýetçilik hem-de halk köpçüligi üçin ajaýyp sowgat boldy.