Baýdak we Konstitusiýa her bir
döwletiň garaşsyzlygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddesliklerdir.
Ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet
baýdagynyň gününiň bellenilmegi bu iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr
we milli gymmatlyklarymyza janymyz-tenimiz bilen ygrarlydygymyzyň
subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy
ýurdumyzda Esasy Kanun bolup durýar. Hut şonuň üçin Esasy Kanunymyz ýokary
hukuk güýjüne eýedir. Konstitusiýa ýurdumyzyň hukuk döwleti hökmünde milli
gymmatlyklarymyza we halkara ýörelgelere esaslanýan möhüm ulgamyny ösdürmegiň
gözbaşynda durýar. Ondaky ýörelgeleýin kadalar kanunylyk, ynsanperwerlik,
adalatlylyk, deňhukuklylyk, demokratiýalaşmak, halk häkimiýetliligi ýaly
häzirki zamanyň umumy jemgyýetçilik-syýasy düşünjeleriniň jemini emele
getirýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji
ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde – 1995-nji,
1999-njy, 2003-nji, 2005-nji, 2008-nji we 2016-njy ýyllarda birnäçe döwrebap
konstitusion özgertmeler amala aşyryldy. Olaryň her biri ýurduň Esasy Kanunynyň
aýry-aýry düzgünleriniň manysyny ösdürdi we baýlaşdyrdy. Bilşimiz ýaly,
ýurdumyzda 2017-nji, 2020-nji hem-de 2023-nji ýyllarda hem konstitusion
özgertmeler bilen baglanyşykly geçirilen işleriň netijesinde «Türkmenistanyň
Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň
Konstitusion kanuny kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň bu ugurda öňe süren başlangyçlary milli demokratiýamyzyň
dabaralanmasydyr hem-de Türkmenistanyň geljekki ösüşleriniň esasy ugurlaryny
kesgitleýän taryhy wakadyr.
Şu pursatda Türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowy hem-de ähli halkymyzy
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 32 ýyllyk şanly senesi we
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!