Golaýda
paýtagtymyzdaky Nebit-gaz medeni işewürlik merkezinde Ýeňiş güni mynasybetli
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Bilim
ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň
arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri»
atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Talyp ýaşlaryň
zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralan bu bäsleşigiň
jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde deslapky tapgyrlarda
öňe saýlanmagy başaran talyp ýigitleriň 26-sy gatnaşdy.
Bäsleşigiň
düzgünnamasyna laýyklykda, talyp ýigitler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» ýyly bilen baglylykda, sungata, döredijilige bolan ukyp-başarnyklaryny
görkezip, türkmen ýigidine mahsus edermenligi, mertligi, adyllygy, halallyga
ygrarlylygy şirin aýdymlar, goşgular, çuň mazmunly monologlar we gysga sahnalar
arkaly beýan etdiler.
Ýurdumyzyň tanymal
medeniýet we sungat ussatlaryndan düzülen eminler toparynyň agzalary gerçek
ýigitleriň çykyşlaryna mynasyp baha berdiler. Olaryň çözgüdi bilen, döredijilik
bäsleşiginiň baş baýragyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
5-nji ýyl talyby Mekan Kurdow mynasyp boldy.
Ýeňiji bolanlara we
bäsleşige işjeň gatnaşan talyp ýigitlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan
diplomlardyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.