Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
başlangyjy bilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçen,
2019-njy ýylyň makroykdysady netijeleri Garaşsyz, berkarar ata Watanymyzyň
agrar ýurt bolmagyndan senagat taýdan ösen döwlete öwrülendiginiň aýdyň
subutnamasyna öwrüldi. Şol özgertmeler mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň
yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.
Diýarymyz Garaşsyzlygynyň 28-nji ýylynda milli
Liderimiziň ýolbaşçylygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda mazmuny çuňňur
beýan edilen syýasy ýörelgäni amala aşyryp, maliýe durnuklylygyny, durmuş
ulgamy bilen birlikde, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda ösüşiň
durnukly depginini üpjün etmegi başardy.
Bu ýagdaý şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde tassyklandy. Döwlet Baştutanymyz
geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijelerine baha berip, dünýä
ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan käbir meseleleriň
geosyýasatda we ykdysadyýetde dartgynlylygyň artdyrmagyna garamazdan, uly
üstünlikler gazanylandygyny nygtady hem-de dürli pudaklardaky ösüşiň
görkezijilerini aýdyň mysal hökmünde getirdi.
Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasaty we umuman, düýpli özgertmeleriň baş
ugrunyň netijesinde mümkin boldy. Şol özgertmeleriň özeninde ylmy çemeleşme,
hojalygy sowatly dolandyrmak we ýurduň ägirt uly mümkinçiligini doly hem-de
ählitaraplaýyn amala aşyrmaga ýardam berýän strategik meýilleşdirme ýaly möhüm
ugurlar durýar.
Munuň aýdyň mysaly hökmünde geçen ýylyň ykdysady
ösüşini häsiýetlendirýän esasy makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önümiň
ösüşini görkezip bolar. 2019-njy ýylda bu görkeziji 6,3 göterime, şol sanda
senagat pudagynda 4,1 göterime, söwdada 14,2 göterime, ulag we aragatnaşyk
pudagynda 10,1 göterime barabar boldy.
Ykdysady özgertmeleri geçirmekde ýurdumyzyň
hyzmatdaşlarynyň hatarynda bolan hem-de hormatly Prezidentimiziň
ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeleri goldamaga tehniki taýdan kömek
berýän Halkara pul gaznasynyň bilermenleriniň pikirine görä, bu görkeziji
dünýäde iň ýokary görkezijileriň biridir hem-de Merkezi Aziýa sebiti boýunça
goňşy döwletleriň arasynda iň ýokary görkezijidir.
Beýleki statistiki maglumatlar barada aýdylanda,
döwlete degişli bolmadyk ulgamyň oňyn netijelerini bellemek gerek. Umuman, önüm
öndürmek ulgamynda 65,3 göterim hususy işewürligiň paýyna düşýär. Görlen
toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, önümleriň eksporty 2018-nji ýyl bilen
deňeşdireniňde, 4,6 göterim köpeldi hem-de 9 milliard manatdan hem agdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp
barýan býujet syýasaty ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdejileriň
çykdajylardan agdyk ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň Döwlet
býujetiniň hakyky ýagdaýlar göz öňünde tutulyp düzülýändigini, onda pul
serişdeleriniň has oýlanyşykly, maksatlaýyn ulanylmagynyň nazara alynýandygyny
bellemek möhümdir.
2019-njy ýylyň netijeleri boýunça Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde getirilen maglumatlar munuň subutnamasydyr.
Şonda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 100,6 göterim, çykdajy böleginiň
bolsa 99,9 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi.
Bazar gatnaşyklarynyň ösüşiniň täze tapgyryndaky
şertlerde ilatyň durmuş goraglylygy aýratyn gözegçilikde durýar. Munuň özi döwlet
Baştutanymyzyň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Döwlet býujetiniň köp möçberdäki maýa goýumlary
(her ýyl 70 göterimden gowrak) ýangyç-energetika, obasenagat ýaly ileri
tutulýan toplumlar, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan ýokary
tehnologiýaly pudaklar, ulag we maglumat-aragatnaşyk düzümleri bilen bir
hatarda, «akylly ulgama» — bilime, ylma, saglygy goraýşyň, medeniýetiň,
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
gowulandyrmaga gönükdirildi.
Ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokary derejesiniň
saklanylmagy syn berilýän ýylda durmuş strategiýasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde
kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, 2019-njy ýylda
döredilen 11 müň iş orny munuň subutnamasydyr.
Bu ugurdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin
zerur bolan ýagdaýlar halk hojalyk toplumynyň ösüşiniň ýokary depgininiň, maýa
goýum işjeňliginiň, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa
geçirilmeginiň netijesinde mümkin boldy. Ykdysady özgertmeleriň geriminiň
artyşyna görä, zähmet bazary kemala gelýär. Ol bolsa adamyň öz ukybyny islegine
görä peýdalanmagyna degişli hukugyna esaslanandyr.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işçi
güýjüni netijeli peýdalanmak boýunça çäreleriň görülmegini, iş üpjünçilik
meselesiniň çözülmegini, ýurdumyzyň raýatlarynyň zähmet çekmäge bolan
konstitusion hukugyny amala aşyrmagy üçin şertleriň döredilmegini 2020-nji ýyl
üçin ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Diýarymyzyň gülläp ösüşine şaýatlyk edýän ýene-de
bir möhüm görkeziji türkmenistanlylaryň hakyky girdejileriniň ýokarlanmagyna
degişlidir. Ol aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň
her ýyl ýokarlandyrylmagynyň, şeýle hem döwletiň oýlanyşykly baha syýasatynyň,
hususy başlangyçlary goldamagyň hem-de beýleki çäreleriň hasabyna üpjün
edilýär. Şu babatda geçen ýylyň her bir ýylda bolşy ýaly bolandygyny — ortaça
aýlyk iş hakynyň 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, görnetin köpelendigini
bellemek gerek.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen
ýylyň netijelerini jemläp, 2020-nji ýyl üçin kabul edilen Döwlet býujetiniň
sazlaşykly häsiýete eýedigine aýratyn ünsi çekdi. Onda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň,
döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini nobatdaky gezek
10 göterim artdyrmak göz öňünde tutuldy.
Durnuklaşdyryş gaznasynyň ýurdumyzyň ykdysady
ýagdaýyna oňyn täsir edýändigi gürrüňsizdir, onuň serişdeleri ileri tutulýan maýa
goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge gönükdirilýär. Bu bolsa oňaýsyz daşarky
ýagdaýlaryň halk hojalyk toplumynyň käbir ulgamlaryna täsirini peseltmäge
mümkinçilik berýär, iş öndürijiliginiň artmagyny hem-de hojalygy dolandyrmagyň
innowasion usullaryna geçilmegini üpjün edýär. Ätiýaçlandyryşa hem örän uly üns
berilýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bazar gatnaşyklarynda bu ulgamyň
ösdürilmegi hakyky zerur şerte öwrülýär. Geçen ýyl, ozalky ýyllarda bolşy ýaly,
bu ulgamy düzgünleşdirýän öňki hereket edýän kadalar we düzgünler täzelenildi.
Ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek maksady bilen,
2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlary
bilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy bilen baglanyşykly zeleliň agyrlyk derejesine
baglylykda, tölemäge degişli bolan ätiýaçlandyryş bahasynyň (ätiýaçlandyryş
öwezini dolmak) möçberini kesgitlemegiň düzgüni; ýokary töwekgelçilikli
şertleri bolan önümçiliklerde işleýän işgärleriň, önümçilikdäki heläkçilikli
wakalardan we hünär sebäpli kesellemelerden işgärleriň hökmany döwlet şahsy
ätiýaçlandyrmasy hakynda düzgünnama tassyklanyldy.
Býujet-karz ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler
yzygiderli ykdysady ösüşe hem-de düzümleýin we durmuş meseleleriniň üstünlikli
çözülmegine ýardam berýär. Maliýe ulgamynyň durnuklylygy milli pulumyz bolan
manadyň durnuklylygyny, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynyň arasynda pul
serişdeleriniň çeýe, oýlanyşykly paýlanylmagyny, maýa goýum işleriniň
netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün etdi.
2019-njy ýylyň esasy wakalarynyň hatarynda
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň daşary
ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň»
tassyklanandygyny, şeýle hem sanly ykdysadyýete geçmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar
üçin Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilip başlanandygyny bellemek gerek. Şol
maksatnamalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen
işlenilip taýýarlanyldy.
Şol maksatnamalaryň her biri strategik ugurlar
boýunça hereket etmegiň anyk meýilnamalaryny özünde jemleýär hem-de pudaklaýyn
çäreleriň durmuşa geçirilmegi üçin esas bolup hyzmat edýär. Bu resminamalaryň
kabul edilmegi bilen köp derejeli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň nobatdaky
tapgyryna badalga berildi.
Şunuň bilen baglylykda, bu maksatnamalaryň we
konsepsiýanyň möhüm ugurlaryna, şeýle hem eýýäm geçirilen hem-de
meýilleşdirilen işlere gysgaça syn berilse, ýerlikli bolardy.
Ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu resminamalarda kesgitlenilen ilkinji
nobatdaky wezipelerden ugur alyp, 2020-nji ýylda maliýe-ykdysady toplumyň
edaralarynyň öňündäki işleriň möhüm ugurlaryny kesgitländigini bellemek
wajypdyr.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyz pudaklary depginli
ösdürmegiň we sanly ulgama geçirmegiň, diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna
ykdysadyýetiň durnukly ýokary ösüş depginini saklamagyň zerurdygyny nygtady.
Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy 2019 —
2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine
ýetirilişiniň barşyna gözegçiligiň güýçlendirilmegine, içerki bazaryň eksport
önümlerine bolan baglylygyny azaldyp, onuň giňeldilmegine aýratyn üns çekdi.
Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan
ulgamlaryna uly möçberdäki pul serişdeleriniň maýa goýulmagy, möhüm pudaklaryň
döwrebap tehnologik ýagdaýa getirilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda agzaldy.
Diýmek, iri maýa goýumlary kompýuter tehnikalarynyň önümçiliginiň, gurluşyk
senagatynyň, deňiz we demir ýol ulaglarynyň, oba hojalygynyň we energiýa
tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ösdürilmegine, ylmy-barlag hem-de
tejribe-konstruktorçylyk işlerine gönükdirilmelidir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet
Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde,
banklar güýçli depgin bilen ösýär. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösmeginde
hem-de bähbitli şertlerde dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagynda
banklara aýratyn orun berilýär. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edilen
statistiki maglumatlara görä, bu ulgamda oňyn görkezijiler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
belleýşi ýaly, bank ulgamynyň esasy wezipeleri puluň hümmetsizligini
kesgitlenen derejede saklamakdan, pul toplumyny düzgünleşdirmek we oňa
gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini pul serişdeleriniň zerur
mukdary bilen üpjün etmekden ybaratdyr.
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
ýediýyllyk maksatnamasynyň esasy düzgünlerine gaýdyp gelip, 2020-nji ýylda
ýokary tehnologiýaly önümçilikleri goldamagyň hasabyna senagat we hyzmat ediş
ulgamlarynyň düzümleýin özgerdilmegi dowam etdiriler. Şunda pes goşulan bahasy
we ylmy-tehniki derejesi bolan senagat önümlerini çykarmakdan goşulan baha üçin
salgydy ýokary bolan harytlaryň öndürilmegine geçilmegi göz öňünde tutulýar.
Hususylaşdyrmak arkaly döwlet eýeçiligindäki
desgalary azaltmak hem-de şolary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça
işleriň işjeňleşdirilmegi hem möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň
bilen birlikde, dolandyryş we önümçilik ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy ylmy
hem-de tehnologik gazananlaryny ulanmak maksat edinilýär.
Şeýle-de dolandyryş ulgamynyň täzelenilmegi göz
öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,
sanly ulgamy ornaşdyrmagyň binýadynda önümçilik toplumlarynyň işiniň üýtgedilip
guralmagy ykdysadyýetiň täze nusgasyny döretmek üçin esas bolup hyzmat eder.
Halkara derejede köpugurly we özara ysnyşykly
işlemek kärhanalara iri bazarlara çykylmagyna ýol açýar, olara öz hususy maýa
goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekden alynýan girdejilerden doly möçberde
peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Şu ýagdaýlar nazara alnyp, maksatnama
marketing strategiýasyna üýtgeşmeleriň girizilmegi bilen baglanyşykly çäreler
goşuldy.
Milli Liderimiz döwlet çykdajylarynyň
azaldylmagyny hem-de hususy ulgamyň we daşary ýurt şereketleriniň maýalaryny
çekmek üçin mümkinçilikleriň ýokarlandyrylmagyny möhüm ugurlaryň hatarynda
kesgitledi. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin maýa goýumlaryň täze
görnüşleriniň, hususan-da, döwlet bilen işewür-jemgyýetçiligiň arasynda
hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň hasabyna maýa goýumlaryň täze görnüşleriniň
işlenilip taýýarlanylmagy alnyp baryldy.
Elektroenergetika, nebiti we gazy gazyp almak
hem-de gaýtadan işlemek, elektronika, senagat, oba hojalygy, ulag we
aragatnaşyk, syýahatçylyk ýakyn geljek üçin ykdysadyýetiň hereketlendiriji
güýji hökmünde esasy pudaklaryň hatarynda kesgitlenildi.
Eger, garaşylýan netijeler barada aýdylsa,
Prezident maksatnamasynda bellenilen wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň şu
görkezijileri — 2025-nji ýyla Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 8,2
göterime, jemi içerki önümiň düzüminde senagatyň paýynyň 33,8 göterime, oba
hojalygynyň paýynyň 8,9 göterime, gurluşygyň paýynyň 11,5 göterime we hyzmatlar
ulgamynyň paýynyň 45,8 göterime deň bolmagyny gazanmaga mümkinçilik
berjekdigini bellemek gerek.
Ýurdumyzyň senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň
güýçlendirilmeginiň, önümçilik kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň, ýokary derejeli
milli önümleriň görnüşleriniň giňeldilmeginiň ýerli çig-mal serişdelerini
oýlanyşykly peýdalanmak, şolaryň gaýtadan işlenilişini artdyrmak hem-de ýokary
goşulan bahasyny döretmek arkaly üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar. Şunda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, daşary
ýurtlaryň şonuň ýaly önümlerinden pes bolmadyk harytlaryň hili ileri
tutulmalydyr.
Ýediýyllyk maksatnamany durmuşa geçirmek üçin
hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny giňden ornaşdyrmak, telekeçiligi,
şeýle hem Diýarymyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary hem-de örän amatly
ýerleşmegi, geosyýasy ýagdaýlar bilen şertlenen ulanylmaýan ätiýaçlyklary we mümkinçilikleri
işjeň çekmek maksat edinilýär.
Milli Liderimiziň görkezmesi boýunça
Türkmenistanyň sebitlerini öz aralarynda hem-de serhetdeş döwletler bilen
birikdirjek ýörite ykdysady zolaklaryň we geçelgeleriň kemala getirilmegine,
daşarky bazarlara çykalgasy bolan ösen ulag-logistika düzümli senagat
toplumlarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakyn döwürde ýurdumyz
boýunça esasy maýa meýilleşdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 229,3
milliard manada barabar bolmagy çaklanylýar. Şonça möçberdäki puluň 91,3
göterimi ýa-da 209,2 milliard manady önümçilik ulgamyna gönükdiriler. Şu maýa
goýumlarynyň özleşdirilmegi häzirki zaman kärhanalary açmaga hem-de täze iş
orunlary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Orta möhletli geljekde bölek haryt dolanyşygynyň
mukdarynyň depginli artmagyna garaşylýar. Bilermenleriň berýän bahasyna görä,
bu görkeziji 2025-nji ýylda 81 milliard manada deň bolup, 2019-njy ýyl bilen
(62,7 milliard manat) deňeşdirilende, 29,1 göterim ösüş gazanylar. Döwlete
degişli bolmadyk ulgamyň söwdadaky paýy 91 göterime ýeter.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
ykdysady strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki
wagtda ýurdumyzda daşarky bazarda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň giň
görnüşleri öndürilýär. Şolar içerki azyk bolçulygyny üpjün edýär hem-de daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçiligi
kemala getirmek, Türkmenistanyň eksport ýörelgesini ýokarlandyrmak boýunça
wezipeleri netijeli çözmäge mümkinçilik berýär.
Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylda Diýarymyzda
sarp ediş harytlarynyň önümçiligi pul görnüşinde 16,1 milliard manada ýeter
hem-de 2019-njy ýylyň degişli görkezijisi (13,2 milliard manat) bilen
deňeşdirilende, 22,2 göterim artar.
Öňümizdäki ýediýyllyk döwürde daşarky söwdanyň
umumy mukdarynyň 135,2 milliard amerikan dollaryna, şol sanda onuň eksport
düzüminiň 84,1 milliard dollara, importynyň bolsa 51,1 milliard dollara deň
bolmagyna garaşylýar. Hünärmenler ozalky ýyllaryň statistiki maglumatlarynyň
ösüş seljermelerine, çaklama görkezijilerine hem-de söwda gatnaşyklaryny
ösdürmegiň bar bolan anyk serişdelerine daýanyp, bellenen borçnamalaryň her ýyl
üpjün ediljekdigini nygtaýarlar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba
sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan özgertmek boýunça amala aşyrylýan Milli
maksatnamanyň çäklerinde ozal bina edilmegi göz öňünde tutulan birnäçe täze
desgalaryň ulanylmaga berilmeginiň möhletlerine täzeden garalmagyny ýokarda
agzalan maksatnamanyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitledi.
Ine, 2019 — 2025-nji ýyllar aralygyndaky döwürde
ýurdumyzyň welaýatlarynda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň
edaralary, ýaşaýyş jaýlary, düzümleýin desgalar bilen birlikde, dürli maksatly
binalary gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Şu maksatlar üçin 9976,7 million manat möçberde
(şol sanda Ahal welaýaty boýunça 1944,3 million manat, Balkan welaýaty boýunça
1244,1 million manat, Daşoguz welaýaty boýunça 2907,3 million manat, Lebap
welaýaty boýunça 1851,3 million manat we Mary welaýaty boýunça 2029,7 million
manat) maýa goýumlary gönükdiriler.
Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde,
Türkmenistanda ilatyň durmuş hal-ýagdaýy has ýokary derejä göteriler, bu bolsa
döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipesidir.
Gürrüňimizi dowam edip, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýyl üçin ykdysady toplumyň edaralarynyň
öňünde obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň
ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2025-nji ýyla çenli döwür
üçin täze Milli maksatnamany taýýarlamak boýunça wezipäni goýandygyny bellemek
gerek. Onda kesgitlenilen çäreleri durmuşa geçirmäge maýa goýumlaryň uly
möçberleri gönükdiriler.
Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, 2019-njy ýylda
sanly ykdysadyýet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna badalga berildi. Döwlet
Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda bu ugurdaky
işleriň ähmiýeti barada aýdyp, hökümetiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn
edaralaryň ýolbaşçylarynyň ünsüni ählumumy ýagdaýlara hem-de ähli derejelerde
halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine jemledi.
Ýurdumyzyň geljekki ösüşleri daşarky ýagdaýlaryň
güýçlenmegi: dünýä hojalyk gatnaşyklaryna has-da goşulyşmak, özara bähbitli
söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegi, ylmy-tehniki ösüş
bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň peýda bolmagy, dünýäniň gün
tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ylalaşykly çözgütleriň işlenilip
taýýarlanylmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Döwrebap tehnologiýalaryň artykmaçlygy ähli döwlet
maksatnamalaryna we iri ykdysady taslamalaryna, şeýle hem Türkmenistanyň durmuş
syýasatyna girizilen Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde hem aýdyň bolup
durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda
telelukmançylyk tehnologiýalaryny, onlaýn-bilimi hem-de uzak aralykdan okatmak,
elektron hökümet ulgamlaryny we beýlekileri ösdürmäge uly üns berildi.
Hojalyk, önümçilik, dolandyryş işleriniň
sanlaşdyrylmagy eýýäm ýakyn geljekde «akylly» şäheri döretmäge mümkinçilik
berer, ilatyň şolara bolan hajatlary doly we dessin kanagatlandyrylar. Täze
tehnologiýalar goşmaça iş orunlaryny döretmäge, mysal üçin, kompýuter ylymlary
we maglumat tehnologiýalary ulgamynda döretmäge ýardam eder. Şu ýagdaýy nazara
almak bilen, geçen ýyl ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ozaly
bilen, sanly ykdysadyýetde taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berildi.
Sanly we ykjam hyzmatlara ählumumy elýeterliligi
üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze
görnüşde — sanlylaşdyrma derejesinde islendik ýurduň ösüşiniň esasyny düzýän
sebitleri özgertmek bilen gös-göni bagly bolan wezipäni öňde goýýar.
Milli Liderimiz 2019-njy ýylyň jemlerine
bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şol meseläniň
çözgüdiniň ýerleriň tebigy-serişde mümkinçiliklerine hem-de şolaryň yzygiderli
ösüşine, ilatyň artyşyna hem-de iş bilen üpjünçiligine, ilatyň durmuş
derejesine bagly bolup durýandygyny belledi.
Geçen ýylyň jemleriniň görkezişi ýaly, halk
hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak, ylmy işleri önümçilige
ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler geçirildi. Şunda ähli bellenilen
meýilnamalar IT-tehnologiýalaryny peýdalanmak, täze düzümleri döretmek arkaly
ýerine ýetirildi.
Konsepsiýada kesgitlenen wezipeleri ýerine
ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň dürli ministrlikleri, edaralary, banklary,
agentlikleri, şeýle hem telekeçileri maddy-enjamlaýyn binýady berkitmek, ilata
hödürlenýän hyzmatlary Internet ulgamyna ornaşdyrmaga, milli töleg ulgamy
arkaly onlaýn-düzgünde söwda etmäge mümkinçilik berýän ulgamlaýyn platformalary
döretmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirdiler.
Şeýle maksatnamalaryň esasy artykmaçlygy — umumy
elýeterlilik we ulanmaga amatlylygy bolup durýar. Daşary döwletleriň
tejribesini öwrenýän hem-de dünýäde giňden ýaýran we öz netijeliligini subut
eden döwrebap tehnologiýalary bazara getirýän ýurdumyzyň işewürleriniň işleri
aýratyn bellärliklidir.
Şu ýerde «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň
işini bellemek gerek. Olaryň işläp taýýarlan QR-kodlarynyň kömegi bilen töleg
usuly ykjam telefonlarynyň eýelerine optiki nyşanlary göçürip, nagt däl
görnüşde hem-de bank kartlarynyň kömegi bilen islendik harytlar we hyzmatlar
üçin hasaplaşmaga mümkinçilik berýär.
Döwlet edaralarynda we pudaklarynda intellektual
ulgamlaryň ornaşdyrylmagy önümçiligi guramak hem-de şolary dolandyrmak işini
düýpli özgerdýär. Şunuň bilen baglylykda, maglumat howpsuzlygy babatda milli
ölçegleri we usullary işläp taýýarlamak, şol sanda halkara standartlary hem-de
tehniki düzgünleri bilen utgaşdyrmak wezipesi milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy
wezipeleriniň biri hökmünde öňe sürüldi.
Synymyzy dowam etmek bilen, 2019-njy ýylda
Kiberhowpsuzlyk hakynda Kanunyň öz wagtynda kabul edilendigini bellemek gerek.
Ol ýurdumyzyň özygtýarlylygyny, bähbitlerini goramaga, ulgam howpsuzlygynyň wehimleriniň
öňüni almaga, jemgyýetçilik düzgün-tertibini, edaralaryň hem-de raýatlaryň
kanuny hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyz üçin düýbünden täze pudagyň — kompýuter
önümçiliginiň peýda bolmagy «sanly» Türkmenistanyň kemala gelmegi hem-de
ykdysadyýetiň hajatlarynyň öz maglumat tehnologiýalarymyz arkaly üpjün edilmegi
bilen baglylykda bu wezipä örän möhüm häsiýet berýär.
Degişli ugruň döremegi Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrliginiň «Kompýuter tehnologiýalary merkezi» tarapyndan
«Hengsheng Lianhua Investment Management Co. Ltd.», «Tongfang Hongkong Limited»
hytaý kompaniýalary bilen bilelikde esaslandyrylan «Agzybirlik tilsimaty»
kärhanasynyň işi bilen baglydyr.
2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
Kararyna laýyklykda, şol kärhana tarapyndan çaga kompýuterleriniň 80 müňüsi
öndürildi. Şolara ýüklenen programma tälim beriji wezipeleriň 198-sini ýerine
ýetirýär hem-de kompýuterde türkmen, rus we iňlis dillerinde işläp bolýar.
«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy
ilkibaşda döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny
tutýan önümleri öndürmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmegi ugur edindi.
Häzir ikinji ugur — bar bolan harytlyk nyşanlarynyň reeksport ugry peýda
bolýar. Beýle diýildigi milli nyşanly kompýuterleriň goňşy ýurtlara hem
iberiljekdigini aňladýar, çünki şol kärhana Merkezi Aziýa sebitinde şeýle
zawodlaryň ýeke-täk görnüşi bolup durýar.
Şeýle hem kärhana programma üpjünçiligini işläp
taýýarlamak boýunça «Microsoft» iri transmilli kompaniýasy hem-de elektron
enjamlaryny we kompýuter ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän öňdebaryjy «Intel» bilen
ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Olar eýýäm Gazagystandaky, Özbegistandaky,
Täjigistandaky, Owganystandaky sargytçylaryna kompýuterleri Türkmenistandan
satyn almak barada maslahatlary berdiler.
Mundan başga-da, geçen ýylyň dowamynda milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabadyň çäginde
döwlet söwda nokadynyň merkezleşdirilen ulgamyny döretmek boýunça işler
geçirildi. Ol onlaýn düzgüninde harytlaryň hereketine elektron gözegçiligini
amala aşyrmaga, ýagny harytlaryň ammarlara gelip gowuşmagy, dükanlara
çykarylmagy, alyjylara satylan möçberiniň we galan böleginiň hasabyny ýöretmäge
kömek edýär.
Alyjylar üçin amatly bolar ýaly Internetde Söwda
we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň her bir dükany barada, şolaryň
salgylaryny, aragatnaşyk maglumatlaryny, harytlarynyň görnüşleri, şol sanda hil
görkezijileri, harydyň öndürilen senesi hem-de ýeri, gaby, ulanyş möhleti we
beýlekiler barada maglumat berýän ýörite saýt döredildi. Saýtda harydy eltip
bermek bilen buýurmany resmileşdirmek, sowal-jogap görnüşinde goşmaça
maglumatlary almak bolýar. Bu ulgam içerki bazardaky islegi öwrenmäge
mümkinçilik berýär.
Elektron haryt dolanyşygy ulgamynyň we alyjylar
üçin täze hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy söwda işgärleriniň zähmet öndürijiligini
hem-de raýatlarymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň
bilen bir hatarda, ýurdumyzda öndürilýän harytlar barada elýeterli maglumatlar,
söwdalar hakynda ygtybarly seljermeler türkmen önüm öndürijileriniň bäsdeşlige
ukyplylygyny üpjün etmäge hem-de eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam
edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
sanlylaşdyrmagyň iki ugruny — ykdysady we durmuş ugurlaryny hemişe ileri
tutýar. Elektron demir ýol peteklerini satyn almak boýunça işe girizilen
hyzmaty mysal hökmünde görkezmek bolar. Häzir bilelikdäki kärhana tarapyndan iň
gowy dünýä tehnologiýalaryny ýerli şertlere uýgunlaşdyrmagyň esasynda
«Türkmenhowaýollary» agentliginde işler awtomatlaşdyrylýar.
Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysady, maliýe-bank
ulgamynda sanlaşdyrmagyň taslamalary, salgyt gullugy üçin elektron hyzmaty
işlenip taýýarlanylýar. Şonuň bilen bir hatarda, sanly ulgamlara hyzmat etmek,
şol sanda Politehniki orta hünär okuw mekdebinde işgärleri taýýarlamak işleri
alnyp barylýar, şol ýerde bilim bermegiň iň gowy dünýä usullary ornaşdyrylýar.
Giň gerimli özgertmeleriň hukuk esaslaryny kemala
getirmek öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy şertleriniň
biridigini bellemek gerek.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow hereket edýän kanunlary kämilleşdirmegiň hem-de bazar
ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, raýatlaryň
telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge,
döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmaga hem-de paýdarlar
jemgyýetlerine öwürmäge gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň
zerurdygyny nygtaýar.
Ýokarda bellenilişi ýaly, maýa goýumlarynyň, şol
sanda daşary ýurt maýalarynyň çekilmegi ady agzalan maksatnamalary we
konsepsiýalary üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunda
öňdebaryjy daşary ýurtly işewürlik-düzümleriň maýalaryny, öz ýurdumyzyň
serişdelerini çekmek, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen hem-de bäsdeşlige
ukyply önümleri öndürýän döwrebap kärhanalary açmak üçin amatly hukuk, maliýe
we beýleki şertleri kanunçylyk derejesinde döretmek uly ähmiýete eýe bolup
durýar.
Hususy telekeçiligi ösdürmegiň maksatnamasyny
durmuşa geçirmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň we döwlete degişli däl
böleginiň sazlaşykly işini gazanmak döwlet Baştutanymyzyň syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet-hususy
hyzmatdaşlyk hakynda Kanunyň taslamasyny taýýarlamak ýurdumyzyň Mejlisiniň
işiniň esasy ugry hökmünde kesgitlenildi.
Býujet-salgyt we pul-karz gatnaşyklarynyň halkara
hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna kybap getirilmegine berilýän uly ünsi
nazara almak bilen, 2019-njy ýylyň dowamynda bu ugurda kadalaşdyryjy namalar
kämilleşdirilip, bank işini düzgünleşdirýän kanunlaryň seljermesi geçirildi.
Synymyzy dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasy we üýtgewsiz ugry bolan ykdysady
diplomatiýany ösdürmek meselesi barada durup geçeliň.
Mälim bolşy ýaly, şol adalga bilen jemgyýetçilik
hem-de telekeçilik düzümlerini, häzirki zaman ykdysady, syýasy bilimlerini,
hukuk ylymlaryny we gurallaryny, diplomatiýanyň usullaryny hem-de görnüşlerini
çekmek, dünýä giňişliginde milli bähbitlerimizi amala aşyrmak maksady bilen,
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gurallary peýdalanmak bilen, döwlet edaralarynyň
alyp barýan işlerine düşünilýär.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ata
Watanymyz Türkmenistanyň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny işjeňleşdirip,
dünýäniň dürli döwletleri hem-de esasy maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň
çäklerini ep-esli giňeldendigini nygtamak gerek. 2019-njy ýylda hem, ozalky
döwürlerde bolşy ýaly, netijeli gatnaşyklary giňeltmäge, şol sanda sebitiň we
GDA-nyň ýurtlary bilen giňeltmäge aýratyn üns berildi.
Umumy gymmatlyklara esaslanan hem-de bir bitewi
maksatlar we wezipeler bilen birleşen hyzmatdaşlygyň görnüşini işläp düzmek
dünýäniň ykdysady ulgamynyň durnuklylygynyň esasy şerti bolup durýar. Häzir
Türkmenistan hut şol nukdaýnazardan ugur almak bilen, bu işe gatnaşmaga hem-de
toplanan oňyn tejribesini alyşmaga taýýardygyny iş ýüzünde görkezýär.
2019-njy ýylyň awgustynda milli Liderimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen üstünlikli geçirilen birinji Hazar
ykdysady forumynyň ähmiýetini aýdyň mysal hökmünde bellemek gerek. Döwlet
Baştutanymyzyň teklibi ösüşiň häzirki işlerini düýpli seljermegiň, möhüm geosyýasy
we geoykdysady giňişlik hökmünde Hazaryň şolarda eýeleýän ornunyň we
ähmiýetiniň netijesine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz foruma gatnaşyjylaryň
öňünde çykyş edip, häzirki döwürde bu ýerde diňe bir kenarýaka ýurtlarynyň däl,
eýsem, beýleki döwletleriň hem bähbitleri jemlenendir. Şol bähbitler bolsa
Hazar sebitiniň uglewodorod serişdeleriniň iri tebigy çeşmesi, yklym
möçberindäki ulag-üstaşyr merkezi, halkara söwdany giňeltmek üçin geljegi uly
çäk bolup durýandygy bilen şertlendirilendir.
Ýeri gelende ýatlasak, forumyň baý mazmunly
maksatnamasy çäreleriň — iş duşuşyklarynyň we gepleşikleriň ençemesini,
hökümetara mejlislerini, ministrler derejesindäki maslahatlary, işewürler
maslahatlaryny, bilermenler geňeşmelerini, mowzuklaýyn maslahatlary hem-de beýlekileri
öz içine aldy.
Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi
hem-de «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtosergisi örän ajaýyp çärelere
öwrülip, şolaryň çäklerinde Diýarymyzyň hem-de Hazarýaka döwletleriň we olaryň
hyzmatdaşlarynyň ykdysadyýetleriniň dürli pudaklarynyň gazanan üstünlikleri we
kuwwaty görkezildi. Ägirt uly sergi täze tehnologik işleri peýdalanmak,
hyzmatdaşlygy ýola goýmak we berkitmek boýunça tejribe alyşmak üçin netijeli
çäre bolup hyzmat etdi.
Şonuň bilen bir hatarda, Azerbaýjan
Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň,
Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýet boýunça ygtyýarly
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň ähmiýetini bellemek gerek.
Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasyndaky
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň dünýä hojalyk
gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän orny, sanly ykdysadyýet we aýratyn ykdysady
zolaklar babatda netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri, bilelikdäki
maýa goýum taslamalary hem-de maksatnamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri
ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
belleýşi ýaly, Hazar deňzinde işleýän hökümetleriň, degişli ykdysady edaralaryň
hem-de işlemäge gyzyklanma bildirýän işewürlik düzümleriniň arasynda göni
gatnaşyklar üçin guraly döretmegiň wagty geldi. Hazarýaka döwletleriň her
biriniň ykdysady isleglerini beýan edýän «Bilelikdäki ösüş arkaly durnuklylyk»
çemeleşmesi hyzmatdaşlygyň oňaýly görnüşi hökmünde seçilip alyndy.
Hut şonuň üçin dünýäniň geosyýasy işleriniň
ösüşiniň häzirki döwründe sebit hyzmatdaşlygyny diňe ykdysady gatnaşyklary
çuňlaşdyrmagyň guraly hökmünde däl-de, eýsem, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde
möhüm ýagdaý hökmünde sebit hyzmatdaşlygy berkitmek uly ähmiýete eýe bolýar.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda
ýörite, erkin ykdysady zolaklaryň (EYZ) döredilmegine we ösdürilmegine aýratyn
üns berilýär. Olar häzirki wagtda dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz
bölegi bolup durýar. Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi Hazarýaka
döwletleriň milli ykdysadyýetleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga,
eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de ahyrky netijede, ýurtlaryň gülläp
ösmegine we olaryň halklarynyň abadançylygyna ýardam edýär. Bu mesele hem ady
agzalan duşuşygyň gün tertibine girizildi.
Şu ýerde Türkmenistanda bu ugurda görülýän çäreler
barada belläp geçmek ýerlikli bolar. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Karary bilen tassyklanan degişli
Konsepsiýanyň amala aşyrylmagy bar.
Geçirilýän işler içerki bazary harytlar bilen
doldurmaga, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga, döwrebap
bazar düzümini kemala getirmäge, býujete gelip gowuşýan gyzyl puluň artmagyna
hem-de tehnologiýalaryň we dolandyryş nou-haularyň alşylmagyna, çekilýän daşary
ýurt maýalarynyň artmagyna ýardam edýär.
Geçen ýylyň ýene-de bir möhüm wakasyny — 2019-njy
ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde 13-nji sentýabrda
Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň
83-nji mejlisini ýatlamak gerek. Forumyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň
ileri tutulýan ugurlaryna, Arkalaşygyň agza ýurtlarynyň arasyndaky netijeli
gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkitmegiň meselelerine garaldy.
GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady
hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamanyň taslamasy üns merkezinde boldy, ony işläp
taýýarlamak başlangyjy milli Liderimize degişlidir. Şol resminama 2019-njy
ýylyň oktýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça kabul edildi.
Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň
täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky hem-de
beýlekiler bilen işjeň gatnaşyklar dowam etdi. Hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi
milli maliýe bank ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegini, halk hojalyk toplumynyň
esasy pudaklaryny ösdürmäge maýa goýumlaryny üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
Karary bilen, 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary ykdysady
işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň tassyklanylmagy bu
babatda ähmiýetli waka boldy.
Maksatnamany işläp taýýarlamak zerurlygy dünýäniň
maliýe-ykdysady giňişliginde ata Watanymyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň
giňelmegi bilen şertlendirildi. Abraýly maliýe düzümleri, ykdysady taýdan ösen
we ösýän döwletler hem-de öňdebaryjy tejribä we innowasion tehnologiýalara eýe
bolan iri kompaniýalar bilen gatnaşyklary giňeltmäge, halkara giňişliginde eziz
Diýarymyzyň abraýyny pugtalandyrmaga hem-de ykdysadyýeti batly depginler bilen
ösdürmäge gönükdirilen wezipeleriň derwaýyslygy şoňa esas bolup hyzmat etdi.
Maksatnamada eksport ugurly we daşary ýurtlardan
getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi höweslendirmek üçin
maliýe-ykdysady, dolandyryş we hukuk gurşawyny kämilleşdirmek göz öňünde
tutuldy.
Resminamada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň öňe süren, abraýly halkara guramalar tarapyndan giň goldawa
eýe bolan başlangyçlaryny we tekliplerini, şol sanda birinji Hazar ykdysady
forumynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary netijeli amala aşyrmak boýunça
çäreler bellenildi.
Maksatnamada daşary ykdysady işleri ösdürmek üçin
anyk ädimleriň hatarynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna daşary ýurt maýalaryny
çekmek, ýurdumyzda bilelikdäki we daşary ýurt kärhanalaryny gurmak üçin amatly
maýa goýum ýagdaýyny döretmek wezipeleri kesgitlenildi.
Şonuň bilen birlikde, halk hojalyk toplumynyň
esasy pudaklarynyň işini innowasion esasda ýola goýmagyň, ýokary hilli we arzan
önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagyň,
Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda hususy eýeçiligiň paýyny
ýokarlandyrmagyň zerurlygyna üns berilýär.
Şeýlelikde, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany»
diýlip yglan edilen ýyl biziň döwletimiz üçin täze innowasiýalaryň, ösüşiň we
rowaçlygyň täze döwri bolar. Şunda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk, gyzyklanma
bildirýän ähli taraplar bilen maýa goýum we ylmy-tehnologiýa hyzmatdaşlygy ýaly
gurallar hem-de usullar aýratyn zerur bolar.
Seljerme synymyzyň netijelerini jemlemek bilen, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny bellejek şanly ýylynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urjakdygyny bellemek gerek.