Bu gün – 27-nji ýanwar. Pederlerimiziň
ar-namysy, dogum-gaýraty siňen eziz Diýarymyzyň asudalygynyň, parahatçylygynyň
goragynda sak duran merdana ogullaryň baýramy – Watan goragçylarynyň güni!
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilýän bu ajaýyp baýram
bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Belent
Serkerdebaşymyzy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy
düzümini «Milli goşun» žurnalymyzyň agzybir döredijilik toparynyň adyndan tüýs
ýürekden gutlaýarys!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady
has-da kämilleşdirilýär. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha
ýokarlandyrylýar. Ine, şu ýyl siziň hünär baýramyňyz mynasybetli ýurdumyzyň
dürli künjeklerinde döwrebap binalaryňdyr desgalaryň, täze ýaşaýyş jaýlarynyň
açylyp ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle ajaýyp işleriň
durmuşa geçirilmegi goranmak kuwwaty berkden bolan ata Watanymyzyň berkararlygyny,
agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Çünki Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet
diňe halky bilen döwletdir!».
Merdana Watan goragçylary, size
hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beýik watansöýüjiligini, Gahryman
Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerini şygar edinip, ata Watanymyzy gözüňiziň göreji
deýin goramakda gaýduwsyzlygyň, batyrlygyň, edermenligiň, güýç-gaýratyň hemra
bolmagyny arzuw edýäris! «Watan» diýip urýan ýüregiňiziň watansöýüjilik duýgusy
ömrüňiziň manysyna öwrülsin!
Baýramyňyz gutly bolsun, merdana Watan goragçylary!