Düýn – 22-nji ýanwarda Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Büzmeýin etrabynyň hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalarynyň açylyş dabaralary boldy. Olara içeri işler edaralarynyň, şol sanda polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gurluşyk birleşigi tarapyndan bina edilen desgalarda ornaşdyrylan döwrebap enjamlar awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny, ýagny olaryň dolandyryş, yşyklandyryş, duruzyş ulgamlarynyň, tizlik ölçeýjisiniň işleýşiniň talabalaýyklygyny, hereketlendirijisiniň bölüp çykarýan gazynyň mukdarynyň derejesini we onuň ekologik kadalara laýyklygyny barlamak işlerini ýokary hilli geçirmäge hem-de maglumatlary ulaglaryň bitewi elektron ulgamynda hasaba goýmaga niýetlenilendir.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli döwrebap binalary sowgat edendigi üçin harby gullukçylaryň hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyşlary çäksizdir.