milli goshun logo
Baý medeni mirasymyzyň nyşanlary
Baý medeni mirasymyzyň nyşanlary
27.09.2019 2509 Harby özgertmeler

Ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli geçirilen harby ýörişde Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň we Ýaragly Güýçlerimiziň «Göreldeli» harby orkestriniň harby gullukçylarynyň çykyşlary dabara gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Syratly harby gullukçylaryň sazlaşykly hereketleri, ädimleriniň utgaşyklygy adamlaryň ünsüni özüne çekdi. Kesgitlenen araçäk boýunça hatara duran harby gullukçylar öz ýaraglaryny usullyk bilen ýerde goýup, duran ýerlerinde nesillere buýsanç nyşany bolup duran «Abadançylyk» binasynyň hem-de sekizburçlygyň içinde türkmen alabaýynyň şekillerini emele getirdiler.

Türkmen alabaýynyň Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň nyşany bolup durýandygy aýratyn bellärliklidir. Şeýlelik bilen biziň edermen harby gullukçylarymyz milli gymmatlyklarymyzy şekillendirip, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny dowam edýärler.

Olaryň yz ýany bilen baş meýdança çykan «Göreldeli» harby orkestriň harby gullukçylary hem ýöriş sazy bilen hereketleriniň ajaýyp sazlaşygyny görkezdiler. Orkestriň sazandalary takyk bir hatarlara düzülip, dürli nagyşlaryň şekillerini emele getirdiler we şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk ýazgysyny ýazyp, dabaraly harby ýörişiň jemini jemlediler.

Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!

«Milli goşun».