“Balkan” Gämi gurluşyk we bejergi zawody iş depginini ýokarlandyryp, ýerli hem daşary ýurt şereketleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Bu paýdarlar jemgyýetiniň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň paýa girmegi bilen döredilen gününden bäri, gämi hünärmenleri bejerginiň dürli görnüşleri arkaly kyrkdan gowrak gämini, şol sanda on daşary ýurt gämisini düýpli bejerdiler.
Häzirki wagtda “At-abraý” hojalyk jemgyýetine degişli “Ceren-E” tirkeg-kran gämisiniň we “GAC Marine S.A.” şereketiniň “Marzhan” tirkeg gämisiniň abatlaýyş işleri alnyp barylýar. Bu şereketiň eýeçiligindäki “Bossan” gämisi hem düýpli abatlanar.
Kärhananyň hünärmenleri “Ak Bars” “Birleşen senagat korporasiýasy” Paýdarlar jemgyýeti (Tatarystan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy) we “Derya Group Mekanik Inşaat Taahhüt Tersane San. ve Tic. A. Ş.” şereketi (Türkiýe Respublikasy), “Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy” paýdarlar jemgyýeti (Russiýa Federasiýasy), şeýle hem Koreýanyň Deňiz enjamlarynyň barlag instituty (Günorta Koreýa) bilen abatlaýyş hem gämi gurluşygy babatynda birnäçe hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekdiler.