Düýn – 8-nji maýda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky täze, möhüm
desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Olaryň biri Bäherden sement zawodynyň
ikinji tapgyrydyr.
Ýyllyk kuwwaty 1 million
tonna sement öndürmäge niýetlenen senagat toplumynyň ikinji tapgyrynyň
gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Beýik bina» hususy
kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmäge
Germaniýanyň önümçilik işini meýilnamalaşdyrmak we sement senagaty üçin
taslamalary dolandyrmak boýunça hyzmatlary hödürleýän «KHD Humboldt Wedag» iri
inženerçilik kompaniýasy çekildi.
Kärhana edara binasyndan
we 48 sany desgadan ybarat bolup, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, şol
sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümlerini öndürmäge
niýetlenendir. Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň
zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik we durmuş şertleri döredilendir.
Şeýlelikde, milli
ykdysadyýetimiziň ýerli çig maldan ýokary hilli önümleri öndürmäge ýöriteleşen
täze kärhanasy tiz wagtda gurluşyk senagatynyň esasy önümleriniň biri bolan
sementiň ilkinji tonnalaryny sarp edijilere ýetirip başlar.