Paýtagtymyzda
uly üstünliklere beslenip, ýokary ruhubelentlikde geçirilen «Bagtyýarlyk
döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly şu gün öz işini
tamamlady.
Öz gözbaşyny
gadymy halk döredijilik hazynasyndan alyp gaýdýan türkmen teatr sungatynyň
özboluşly ýoly bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň
teatr sungatymyz täze döredijilik gözlegleri bilen kämilleşýär, sahna
sungatynyň döwrebap usullaryny özleşdirýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz
tagallalary esasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu günki gün diňe bir
ykdysady däl, eýsem, ruhy, döredijilik we medeni kuwwaty bilen hem dünýäde
ykrar edilýär. Türkmenistan sebitde giň medeni hyzmatdaşlygyň merkezine
öwrülip, öz gadymy taryhy-medeni mirasyny, sungatyny wagyz etmek syýasatyny
işjeň durmuşa geçirýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky syýasat medeniýetleriň
özara baýlaşmagyna, ýurdumyzyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagyna
gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda dostlukly ýurtlaryň
Medeniýet günleriniň, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň
geçirilmegi, iri halkara medeni forumlaryň, festiwallaryň, ylmy maslahatlaryň,
sergileriň we beýleki döredijilik çäreleriniň yzygiderli guralmagy aýratyn
guwandyryjy wakadyr.
Soňky
ýyllarda ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer
gatnaşyklar oňyn tejribeler we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. «Bagtyýarlyk
döwrüniň teatr sungaty» atly halkara teatr festiwalynyň geçirilmegi hem
halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde, agzybirligi pugtalandyrmakda,
dünýäde parahatçylygy goldamakda, medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik
işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde, häzirki zaman teatr
sungatyny, medeniýetini has-da baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Dostlukly
döwletleriň sungat wekilleriniň gatnaşmagynda uly joşgun bilen geçirilýän bu
halkara teatr festiwaly hem halklary has-da ýakynlaşdyrýar, sungatyň inçe
syrlaryny içgin öwrenmäge, tejribe alyşmaga, ussatlyk okuwlaryny geçirmäge
ýardam berýär.
Festiwalyň
jemleýji güni ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Günüň birinji ýarymynda onuň
myhmanlary Garagum derýasynyň kenarynda Hasyl toýy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan
çärelere gatnaşdylar. Bu ýerde myhmanlar türkmen topragynyň berekedi, zähmetkeş
daýhanlarymyzyň gazanan üstünlikleri, milli medeni mirasymyz bilen ýakyndan
tanyşmaga giň mümkinçilik aldylar.
Günüň
ikinji ýarymynda festiwalyň maksatnamasy Magtymguly adyndaky milli sazly drama
teatrynda dowam etdi. Bu ýerde Ermenistan Respublikasynyň Goris şäheriniň
Wagarş Wagarşýan adyndaky döwlet drama teatrynyň «Abu Lala Maari» atly sahna
oýny görkezildi. Ermeni edebiýatynyň nusgawy wekili Awetik Isahakýanyň meşhur
poemasynyň esasynda taýýarlanan bu eser tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Onda X-XI asyrlarda ýaşap geçen meşhur arap akyldary we şahyry Abu Lala
Maariniň keşbi, ynsanperwer garaýyşlary, ruhy gözlegleri, döredijilik dünýäsi öz
beýanyny tapýar.
Soňra
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşýan
döwletleriň teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda iş
maslahaty geçirildi. Maslahatda teatr sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek,
sahna oýunlarynyň hilini ýokarlandyrmak, döwletara hyzmatdaşlygy has-da
pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna
gatnaşyjylar häzirki döwürde ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň
täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly,
döwletlerimiziň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy däplerine
esaslanýan hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär. Şunda medeni
gatnaşyklary ilerletmäge hem aýratyn orun berilýär. Çärä gatnaşyjylar medeni
gatnaşyklary berkitmekde teatr sungatynyň uly ornunyň bardygyna ünsi çekdiler.
Maslahatyň
ahyrynda oňa gatnaşyjylar «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara
teatr festiwalynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrundaky beren goldaw-hemaýatlary
üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan
etdiler.
Soňra
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama
teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň
ýapylyş dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler bu halkara çäräniň
halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidip, sungat arkaly ruhy
ýakynlygy üpjün etmekdäki ornuny aýratyn bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň
asylly başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary
netijesinde ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen medeni hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Medeni-ynsanperwer
ulgamdaky halkara hyzmatdaşlyk medeniýetleriň baýlaşmagynda aýratyn
ähmiýetlidir.
Dabaranyň
iň möhüm pursatlarynyň biri hem halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylaryň
hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenmesiniň kabul edilmegi boldy. Ýüzlenmede
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň
halklaryň arasynda dost-doganlygyň barha dabaralanýandygyny, medeni dialogyň
ilerledilýändigini aýdyň görkezýän çäredigi bellenilýär.
Ýapylyş
dabarasynyň dowamynda festiwala gatnaşan teatrlaryň wekillerine ýadygärlik
sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.
Şeýlelikde,
paýtagtymyzda geçirilen teatr baýramçylygy medeni gatnaşyklary ösdürmekde,
halklaryň milli gymmatlyklaryny wagyz etmekde we baýlaşdyrmakda, özara
düşünişmegi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup, ýurtlaryň arasyndaky
medeniýetara dialogyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky güwäsine
öwrüldi.