Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikde guramagynda Merkezi serkerdeler öýünde dabara geçirildi. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärä uruş we harby gullugyň weteranlary, bagtly durmuşymyzyň goragçylary bolan serkerdelerdir esgerler uly ruhy joşgun bilen gatnaşdylar.
Dabara gatnaşan uruş we harby gullugyň weteranlaryna hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Permanyna laýyklykda, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň harby gullukçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan watansöýüjilige çagyryjy, parahatçylygy we dostlugy, Beýik Ýeňşi wasp edýän hoş owazly aýdymlar bagtyýar günlerimize şaýat bolup, aramyzda gezip ýören uruş weteranlarynyň ruhuny al-asmana göterdi.
Weteranlar bilen geçirilen duşuşyk terbiýeçilik ähmiýetliligi bilen ýatda galdy. Her gezekki duşuşyklarda bolşy ýaly, ýagty günler üçin göreşen gerçekler häzirki bagtyýar zamanamyza buýsanyp ýaşaýandygyny aýdýarlar. Harby gullukçylarymyza eziz Diýarymyzyň goragynda sak durup gulluk etmelidiklerini sargyt edýärler.
Hakykatdan-da, Beýik Watançylyk urşunda geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşy üçin şirin janyny gurban eden gerçeklerimiz, sag-aman ata Watanymyza dolanyp gelen we häzir hem aramyzda ýaşap ýören merdana uruş weteranlarymyz, urşa gidenleriň yzynda galyp, ojaklaryny gözleriniň göreji deýin saklan ak saçly enelerimiz, biziň üçin gahrymançylygyň, mertligiň, wepadarlygyň ölmez-ýitmez mekdebidir. Biz – harby gullukçylar gahrymanlaryň öňünde baş egýäris!
Has köp suratlary «Multimediýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!
«Milli goşun».