Şu gün – 15-nji
maýda Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap
tehnologiýalarynyň halkara sergisi açyldy. Onuň açylyş dabarasyna Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik
wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Şu gezekki gözden
geçiriliş oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini
beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür
düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem açyp görkezýär. Bu ýerde
Türkmenistanyň we daşary döwletleriň gatnaşyjylarynyň 100-den gowrak wekili öz
önümlerini we hyzmatlaryny hödürledi. Şolaryň hatarynda Oba hojalyk, Daşky
gurşawy goramak ministrlikleri, degişli kärhanalar we düzümler, türkmen
telekeçileri bar. Şeýle-de Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Özbegistandan
gelen gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalara we nou-haulara ünsi çekýän
diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.
Serginiň azyk
senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny alyşmak, maksatnamalaýyn taslamalara
maýa goýumlary çekmek we degişli ugurda ygtybarly ulgamy döretmegiň usullaryny
işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga oňaýly şertleri döredýändigini bellemelidiris. Sergide
görkezilýän diwarlyklaryň hatarynda oba hojalyk kärhanalary, döwrebap ýyladyşhana
hojalyklary, guşçulyk, maldarçylyk boýunça, gök-bakja önümlerini, miweleri
gaýtadan işleýän toplumlar bar.
Günüň ikinji
ýarymynda sergä gatnaşýan kompaniýalaryň täze tehnologiýalarynyň, enjamlarynyň
we önümleriniň mahabat-tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi.
Sergi ertir öz
işini dowam eder.