Azerbaýjan Respublikasynyň Baku
şäherinde Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň
Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar
akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň we Muhammet Fizuly
adyndaky Golýazmalar institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata
ýurdumyzdan hem wekiliýet gatnaşdy.
Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň binasynda geçirilen maslahatda Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, türkmen we azerbaýjan alymlary çykyş etdiler. Soňra Türkmenistanyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň surata düşüren «Hakyň guly — Magtymguly» atly dokumental filminiň görkezilmegi çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Azerbaýjanly magtymgulyşynaslar, ylmy işgärler, edebiýatçydyr dilçiler bilen taýýarlanan söhbetli görnüşlerden ybarat filmde beýik türkmen şahyrynyň pelsepewi, sopuçylyk garaýyşlary, olaryň adamzat durmuşyndaky orny barada giňden durlup geçilýär.
Halkara maslahat Magtymgulynyň edebi mirasyny daşary ýurtlara ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.