Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna täze «Azerbaýjan» paromy geldi. Ol özüniň ilkinji ýüzüşini Türkmenistana iş gatnawy bilen başlady.
Bu döwrebap parom 2020-nji ýylda Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynda “Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça guruldy. Ol ýolagçy gatnatmak hem-de demir ýol we awtoulaglary daşamak üçin niýetlenendir.
Hazaryň ýakasynda ýerleşýän iki goňşy ýurduň — Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky dostlugyň hem-de giňelýän hyzmatdaşlygyň özboluşly köprüsine öwrülen täze paromy garşylamak dabarasyna hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.
Uzynlygy 154 metr bolan, 5,54 müň tonna ýük daşamaga ukyply parom ýurdumyza döwrebap tehnikalary getirdi.