14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň
Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe
Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji
üçtaraplaýyn sammit geçirildi.
Ir bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti
Ilham Aliýew we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan
Awazadaky Kongresler merkezine geldiler.
Bu ýerde sammitiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki
dostlukly döwletiň Baştutanlary bilen duşuşdy.
Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow forumyň öňüsyrasynda azerbaýjan we türk kärdeşleri bilen
ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Sammitiň resmi banneriniň öňünde bilelikde surata
düşmek dabarasyndan soňra, Kongresler merkezinde çäkli düzümde ýokary
derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir
alyşmalaryň dowamynda sammitiň üçtaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary
pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda
hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy.
Soňra sammit üç ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda
giňişleýin düzümde dowam etdi.
Soňra resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň,
Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň
birinji sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.
Sammit tamamlanandan soňra, üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, duşuşygyň jemleri barada habar berdiler.