Şu gün Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi türkmen taryhyna
uly buýsanç bilen ýazylýar. Ine, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna
degişli sergi meýdançasynda hem ýaş watançylaryň mertligi, gaýduwsyzlygy,
lebiz-ygrary aýdyň duýulýar.
Häzirki wagtda diňe goranyş häsiýetine eýe bolan, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinanyň ileri tutulýan wezipelerinden ugur alyp, edermen Watan goragçylary ýurduň parahatçylygyny we asudalygyny, halkyň abadan durmuşyny üpjün edýärler. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, durmuş maksatly meseleleri çözmek maksady bilen, bu edaralar üçin döwrebap toplumlar, düzümleriň gullukçylary üçin amatly ýaşaýyş jaýlary bina edilýär. Merdana Watan goragçylarynyň harby borçlaryny mynasyp ýerine ýetirmekleri, dynç almaklary, ylymda, bilimde ajaýyp üstünlikleri gazanmaklary, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylan şeýle belent maksatly başlangyçlar harby we hukuk goraýjy edaralarynyň sergi meýdançasynda mynasyp şöhlelendirildi.
Hakykatdanam, bu günki halkara sergi watansöýüji ýaşlaryň ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşýan mynasyp goşantlaryny beýan edýän işleri özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň halkara ylmy-amaly maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýdylyşy ýaly: «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan bu halkara ylmy-amaly maslahat we sergi biziň ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleriniň hem-de tejribeleriniň ýokary bahalara mynasyp bolýandygyny aýdyň tassyklaýar».
Bular barada multimedia bölüminden
degişli suratlary synlap bilersiňiz!