Düýn – 4-nji iýulda türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň
açylyş dabarasy boldy.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde eden
çykyşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň
300 ýyllyk toýy mynasybetli Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň
ýadygärliginiň açylmagynyň dost-doganlygymyzyň ebedidigini hem-de mizemezdigini
görkezýändigini aýtdy.
Heýkeliň umumy beýikligi 8,5 metre
golaýdyr. Heýkeltaraş Magtymguly Pyragynyň döredijilik bilen meşgullanýan
pursadyny şekillendiripdir. Ýadygärligiň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp,
bagy-bossanlyga öwrülipdir.
Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy we Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň
Başlygy, iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary ýadygärligiň etegine ajaýyp gül
desselerini goýdular.