milli goshun logo
Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymguludyr
Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymguludyr
18.10.2023 735 Habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň  baştutanlygynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary mynasyp orun alan medeni syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, beýik şahyryň hem-de filosofyň döredijiligi ylmy esasda ýurdumyzda, daşary döwletlerde giňişleýin we çuňňur öwrenilýär. Magtymguly Pyragynyň täze joşgunda, belent ruhda ýaňlanýan şygryýeti häzirki döwürde dünýäniň halklary bilen dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň waspçysyna öwrüldi.

Täze taryhymyza şan berip, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejede dabaraly belleniler. Maglumat hökmünde nygtap geçsek, geçen ýylyň dekabrynda Arkadagly Serdarymyz şanly senäni dabaraly bellemek boýunça degişli Karara gol çekdi we geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, degişli guramaçylyk topary döredildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyraga bagyşlanan mowzuklaýyn duşuşyklar, forumlar, tanyşdyrylyş dabaralary, beýleki döredijilik çäreleri geçirilýär. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygy ÝUNESKO-nyň 2024-2025-nji ýyllardaky şanly seneleriniň sanawyna girizildi. Ýurdumyzyň bu başlangyjy ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň şu ýylyň maýynda Pariž şäherinde geçirilen mejlisinde makullanyldy. Bu çözgüt meşhur nusgawy şahyryň döredijiligini diňe bir wagyz etmek bilen çäklenmän, ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän medeni diplomatiýany ählumumy derejede ilerletmäge hem ýardam eder. Bu ajaýyp şanly senä bagyşlanyp, şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi şeýle tutumly başlangyçlaryň özboluşly delili bolup durýar.

Asyrlaryň geçendigine garamazdan, türkmen halkynyň görnükli oglunyň döreden eserleri özüniň ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzdan has uzaklarda-da uly meşhurlyga eýedir. Sebäbi olarda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň durmuş filosofiýasy, parasatly däp-dessurlary, ýokary ruhy-adamkärçilik gymmatlyklary, berkarar, gülläp ösýän döwlet hakyndaky arzuwlary meşhur watandaşymyzyň baý we köpugurly şygryýetinde şöhlelenýär. Bu ýagşy umyt-arzuwlar häzirki döwürde hasyl boldy. Magtymgulynyň ynsanperwer pikirleri bolsa Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esaslaryny düzdi.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şeýle hem onuň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi ady belli söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetlidigini görkezýär.

Halkymyzyň Magtymguly Pyraga bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan, çuňňur işlerinden gözbaş alýar. Milli Liderimiziň beýik şahyra bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy ähli ildeşlerimiz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edilmegi we daşary ýurtlarda-da oňyn seslenme döretmegi bu hakykaty ykrar edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp şygryndan ruhlanyp, beýik Magtymgulynyň çuňňur poeziýasyny ýurdumyz içre dabaralandyrmak ugrunda birnäçe döwletli işler amal edilýär. Ine, bu sözlerimize aýdyň bir mysal: Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik yglan edildi we ony 2023-nji ýylyň dekabr aýynda jemlemek bellenildi. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýragy we altyn zynjyry bilen sylaglanar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar.