Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat
edarasynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we
teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisiniň
hem-de ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy.
Foruma Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa,
Türkiýe, Latwiýa, Fransiýa, Monako, Niderland Patyşalygy, Germaniýa,
Şweýsariýa, Awstriýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Beýik Britaniýa, Tailand Patyşalygy,
Hindistan, Pakistan, Belarus, Özbegistan, Gyrgyz, Gazagystan, Owganystan,
Azerbaýjan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 80-e golaý
kompaniýadan 200-den gowrak wekilleriniň gatnaşar.
Şol sanda «Halkara Elektroaragatnaşyk
bileleşigi» (ITU), «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk
boýunça sebit arkalaşygy» (PCC), «Bütindünýä GSM bileleşigi» (GSMA),
«Intersputnik» Halkara kosmos aragatnaşyk guramasy, GDA-nyň ýerine ýetiriji
komiteti ýaly abraýly halkara guramalardan wekiller hem bolar.
Halkara sergisi we maslahaty ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan gatnaşjak alymlar, bilermenler, işewürler we halkara guramalaryň wekilleri sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem sanly ösüşde döwlet strategiýasy bilen bagly meseleleri gözden geçirmäge mümkinçilik döreder.
Maslahatyň dowamynda «Sanly çözgüt—2023» innowasiýa bäsleşiginiň jemleri jemlener. Bu ýerde iň oňat ýaş taslamaçylaryň sanly önümleri işewürler jemgyýetine görkeziler.