26-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynda
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahat we sergi öz işine
başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa»
döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy (NaPeCo),
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, «Türkmen Forum»
hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň
goldaw bermeginde guraldy.
Daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň,
banklaryň wekilleri maslahatlaşmalara sanly ulgam arkaly goşuldylar. Forum
ýüzlerçe adamy, şol sanda daşary ýurtlaryň 45-e golaýyndan wekilleri bir ýere
jemledi. Olar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede
senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan prezentasiýalar,
dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary
baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy.
Şu ýyl Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda
eksponentleriň 40-dan gowragy, şolaryň hatarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň
10-dan gowragy, hususan-da, Azerbaýjandan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan,
Hytaýdan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýadan, Singapurdan,
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Türkiýeden, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan
wekiller diwarlyklaryny görkezdiler. Bu ýerde önümleri hem-de uglewodorod çig
malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamyny üpjün etmek, çuň
burawlamak, ozalky hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, olaryň
täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary
artdyrmak, guýularyň önüm berijiligini köpeltmek babatda hyzmatlaryň giň gerimi
görkezilýär.