28-nji ýanwarda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy
geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli
welaýatlaryndan wekilleri gatnaşdylar.
Gurultaýyň gün tertibine ýaşlar syýasatynyň meseleleriniň
toplumy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly
Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesilleriň öňünde goýan häzirki we geljekki
wezipelerini çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Forumyň
dowamynda oňa gatnaşyjylar «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň
2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri
üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem «Ýaşlar barada
döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini we döwrüň
möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna
üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de beýleki birnäçe guramaçylyk
meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu
ýerde guralan göçme sergi bilen tanyşdylar. Sergide häzirki zaman
Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, halkymyzyň baý medeni-taryhy mirasy barada
gürrüň berilýär.
Soňra guramanyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy
boldy. Olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Forumyň ahyrynda ýygnananlaryň öňünde Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň talyplary hem-de Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň artistleri
çykyş etdiler. Olaryň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýalarynda ýurdumyzyň
ýaş nesilleriniň çuňňur watançylyk duýgulary, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň
şöhratyny has-da artdyrmaga taýýardyklary beýan edildi.