Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de işewürler gatnaşdylar. Gözden geçirilişe gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat uly wekiliýet topary, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän 100-e golaý kompaniýanyň we hususy kärhananyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri Aşgabada geldiler.
Köpugurly sergi türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli önümleriň giň toplumyny – senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlaýyn düzümleri, gurluşyk serişdelerini, hojalyk we elektronika tehnikalaryny, öý hojalyk harytlaryny, dokma önümlerini we beýlekileri tanyşdyrýar.