5-nji
sentýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda «Koreý hepdeliginiň» açylyş
dabarasy boldy, ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Koreýa
Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guraldy.
Çäräniň açylyş
dabarasynda parahatçylygy hem-de dostlugy, iki halkyň medeniýetlerini özara
baýlaşdyrmakda we özara düşünişmeginde, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde
medeni alyşmalaryň, ruhy gymmatlyklaryň we döredijilik mirasynyň derwaýyslygy
bellenildi.
Çärede gadymy
hanbok koreý milli lybaslarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Dürli hanboklar, şol sanda
gündelik we toýlara geýilýän lybaslar görkezildi. Bu çäre köp sanly tomaşaçylar
tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Ýeri gelende aýtsak, «Koreý hepdeliginiň»
çäklerinde «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde bu ýere gelenlere amaly-haşam
sungatynyň çeperçilik nusgalaryny diňe synlamaga däl-de, eýsem, milli koreý
lybaslaryny geýip görmäge we olar bilen surata düşmäge mümkinçilik döredildi.
Hepdeligiň
jemleýji güni — 6-njy sentýabrda «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda
türkmen-koreý gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryna bagyşlanan okuw maslahaty
guralar.
Medeni çäräniň maksatnamasy koreý aşhanasynyň milli tagamlary bilen tanyşdyryş çäresini hem öz içine alýar. Tagamlaryň sergisi «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde geçiriler.