milli goshun logo
Aşgabatda halkara maslahat geçirildi
Aşgabatda halkara maslahat geçirildi
28.03.2024 325 Habarlar

Düýn – 27-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçirildi. Foruma halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň, daşary döwletleriň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, bagşy-sazandalaryň we skripkaçylaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Bellenilişi ýaly, syýahatçylyk beýleki pudaklaryň köpüsi ýaly, diňe bir parahatçylykdan hem-de durnuklylykdan peýdalanman, eýsem, medeni aýratynlygy, mirasy gorap saklaýar we ösdürýär. Forumda çykyş edenler bu ugurda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine ünsi jemläp, häzirki wagtda bu ulgamyň ösmegi üçin döredilen ähli şertleri göz öňünde tutup, döwletimiziň daşary ýurtlarda syýahatçylyk mümkinçiliklerini ilerletmegiň zerurdygyny bellediler. Şeýle hem syýahatçylyk önümleriniň ähli görnüşini öz içine aljak «Bir syýahatçylyk – tutuş sebit» atly bilelikdäki maksatnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi barada pikir alşyldy.

Şeýlelikde, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat döwletimiziň syýahatçylyk pudagynda gazananlaryny, öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalaryň häzirki zaman ösüşlerini açyp görkezmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.