6-njy sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
wise-premýer G.Myradow 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilmegi bellenilen GDA-nyň
Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görlüşiniň barşy barada
habar berdi.
13-nji
sentýabrda Aşgabatda geçiriljek bu duşuşygyň gün tertibine Arkalaşygyň
çäklerinde netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň ileri tutulýan meseleleri
giriziler. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy
bilen işlenilip taýýarlanylan GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady
hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň taslamasyny ylalaşmak göz öňünde tutulýar.
Mejlis
tamamlanandan soň «Sanly ulgama geçişiň esasy ugurlary» atly tanyşdyryş
çäresini guramak meýilleşdirilýär. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň degişli hünärmenleri gatnaşar.