15-nji fewralda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň
ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Sergi ýurdumyzyň
Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guraldy.
Şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşmak üçin düzüminde
70-e golaý eýran kompaniýalarynyň we firmalarynyň agzalary bolan uly wekiliýet
Aşgabada geldi. Şolaryň hatarynda dürli ugurlarda netijeli gatnaşyk etmegiň
köpýyllyk tejribesine eýe bolan Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary,
şeýle hem sergä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar bar. Bu sergi olara
ýurdumyzda öz önümlerini görkezmäge, türkmen kärdeşleri bilen bilelikde iş alyp
barmak üçin mümkinçilikleri öwrenmäge başlangyç meýdança boldy.