milli goshun logo
Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torunda
Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torunda
02.11.2023 337 Habarlar

Mälim bolşy ýaly, 2-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, şol gün — Şäherleriň bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilýändigi babatda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň çözgüdi yglan edildi.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Şoňa görä-de, ÝUNESKO-nyň 31-nji oktýabrda — Şäherleriň bütindünýä gününde kabul eden çözgüdi çuňňur mana eýedir.