Düýn – 14-nji maýda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk
toparynyň başlygy kabul etdi.
Myhman türkmen
topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip,
Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň döwlet
Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda
türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir
alşyldy. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da,
Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri
nygtaldy. Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ulgamlarda, şol
sanda gaz pudagynda, himiýa senagatynda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini
toplandyklary bellenildi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-ýapon
gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy nygtalyp, geljek ýyl
Ýaponiýada «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisiniň geçiriljekdigi aýdyldy. Bu
serginiň Günüň dogýan ýurdunda geçirilmegini goldap ses beren Türkmenistan onuň
işine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýär.
Duşuşygyň ahyrynda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýapon-türkmen parlamentara
dostluk toparynyň başlygy döwletara hyzmatdaşlygyň özara hoşmeýilli erk
esasynda ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine, täze
many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.