milli goshun logo
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: beýik geljege tarap ynamly ädimler
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: beýik geljege tarap ynamly ädimler
22.11.2023 690 Habarlar

Düýn – 21-nji noýabrda şeýle at bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň uly mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, ýaşlar, şol sanda talyplardyr mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Maslahat Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalara, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň 14-nji noýabrda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri bilen tanşyp, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň sagdyn ösüp ulalmaklary, döwrebap bilim alyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri, öz döredijilik zehinini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi barada aýdanlaryny, bu babatdaky gymmatly maslahatlaryny, wagyz-nesihat etmäge bagyşlandy. Mundan başga-da, maslahatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy esasynda, 16 — 18-nji noýabrda Mary welaýatynda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň taryhy ähmiýeti barada durlup geçildi. Turuwbaşdan işjeň häsiýete, ruhubelentlige beslenen maslahatda çykyşlara giň orun berildi.

Çykyşlarda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, tebigy zehinini doly ýüze çykarmak, döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek babatda ýurdumyzda ähli zerur şertleriň döredilýändigi barada buýsanç bilen bellenildi.