«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da
ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň
binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal
welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny 2023 — 2026-njy
ýyllarda amala aşyrmak bellenildi.
Ahal welaýatynyň häkimligine, Gurluşyk we
binagärlik ministrligine Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň baş meýilnamasyny
bir aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy.
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça
döwlet komiteti we Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň häkimligi bilelikde
degişli binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleri boýunça bäsleşigi geçirmäge
borçly edildi.
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetine, degişli edaralara, kärhanalara hem-de Ahal welaýatynyň
häkimligine Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ikinji tapgyrda gurulmaly
binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün
etmek tabşyryldy.
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça
döwlet komiteti gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçiligi
üpjün etmäge borçly edildi.